Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G.Ýawlinskiniň prezidentlige kandidaturasy resmi taýdan ýatyryldy


Anna güni Orýsetiň saýlaw resmileri Grigoriý Ýawlinskiniň prezidentlige kandidaturasyny resmi taýdan ýatyrdy. Ýawlinskiý oppazisiýadaky “Ýabloko” partiýasynyň lideri bolup, ol premýer-ministr Wladimir Putiniň syýasatyny tankytlap gelýär.

Merkezi saýlaw komissiýasy özüniň bu baradaky netijesini anna güni yglan etdi. Komissiýanyň maglumatyna görä, G.Ýawlinskiniň toplan gollarynyň 20%-e golaýy güýçsiz diýlip yglan edilipdir.

Orsýetiň saýlaw komissiýasynyň sekretary Nikolaý Konkin bu barada şeýle diýdi: “Kandidatlaryň Merkezi saýlaw komissiýasynyň hasaba almaly däl diýen kararyna garşy 10 günüň dowamynda Ýokary suda arz edip ýüz tutmaga haklary bar.
XS
SM
MD
LG