Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda amala aşyrylan partlamada 30 çemesi adam öldi


Anna güni Yragyň paýtagty Bagdatda janyndan geçen bir hüjümçi özüni ulagda partladanda, 30 çemesi adam öldi we 60 töweregi hem ýaralandy.

Resmileriň maglumatyna görä, bu partlama Zafaraniyah şäherinde bir jaýlanyş mirasymy wagty döräpdir.

Partlama sebäpli golaý-goltumdaky binalara we ulaglara-da zeper ýetdi.
XS
SM
MD
LG