Sepleriň elýeterliligi

3 kompaniýa Türkmenistanyň telefon sistemasyny gowulandyrmakçy


Hytaýyň “Huawei”, Finlýandiýanyň “Nokia” we Orsýetiň “EastWind” mobil kompaniýalary Türkmenistanda ýokary derejeli aragatnaşyk sistemasyny ornaşdyrar.

“Itar-Tass” habar agentliginiň ýerli metbugata salgylanyp berýän maglumatyna görä, president Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Aragatanaşyk ministrliginiň bu üç kompaniýa bilen şertnama baglanşmagy boýunça degişli karara gol goýupdyr.

Maglumata görä, “Huawei” we “Nokia” kompaniýlary ýerli “Altyn asyr” mobil sistemasyny tehnologiýa enjamlary bilen üpjün ederler. “East Wind” kompaniýasy bolsa, beýleki hyzmatlar bilen bir hatarda, täze mobil hyzmatlaryny hem ýola goýar.

Geçen ýylyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Altyn asyr” öýjükli telefon sistemasynyň işleýşine nägileligini bildirip, ençeme gezek çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG