Sepleriň elýeterliligi

Gazak oppozisiýasy Almatyda miting geçirdi




Şenbe güni Almatyda gazak oppozisiýasynyň aktiwistleri rugsat berilmedik miting geçirip, prezident Nursultan Nazarbaýewiň we ýakynda bolan parlament saýlawlarynyň garşysyna çykyş etdiler.

Dürli habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, mitinge 300-den bir müňe çenli adam gatnaşypdyr.

Mitingiň öňýany Respublika köşgüniň öňündäki meýdanyň töweregini polisiýa işgärleri diwar bolup gurşady. Şol böwedi böwüsmäge synanyşan oppozisionerleriň birnäçesi saklandy. Biraz soň taraplar ýakyndaky başga bir ýerde miting geçirmäge ylalaşdylar.

Mitingde çykyş eden oppozisiýa liderleri häkimiýetleri demokratik özgerişler geçirmäge we geçen aý Žanaözende bolan nebitçileriň gozgalaňyny adalatly derňemäge çagyrdylar. “Biz özgerişleri, parahatçylykly, demokratik özgerişleri isleýäris. Bagt isleýäris” diýip, megafondan Gazagystanyň birleşen Sosial-demokratik partiýasynyň egindeş başlygy Žarmahan Tuýakbaýew aýtdy.

Çak bilen iki sagat dowam eden bu miting Nazarbaýewiň “Nur-Otan” partiýasyna ýeňiş getiren 15-nji ýanwar saýlawlaryndan bäri ikinji parahatçylykly mitingdir. Şol saýlawlarda “Nur-Otan” partiýasy sesleriň 81% töweregini aldy diýildi, ýöne halkara synçylar bu saýlawlaryň demokratik standartlara bap gelmändigini aýtdylar.

Şol saýlawlar nebitçileriň şäheri Janaözende ençeme adamyň ölümine getiren polisiýa bilen nebitçilerin arasynda bolan çaknyşykdan bir aý soň geçirildi. Şol çaknyşyk Sowet Soýuzy dargaly bäri Gazagystanda iň elhenç gan döküşlik bolupdy.

Mitinge gatnaşyjylar gozgalaňa meçew bermekde aýyplanyp, tussag astyna alnan oppozisiýa wekilleriniň azatlyga çykarylmagyny talap etdiler. Oppozisiýa lideri Wladimir Kozlow we gazet redaktory Igor Wenýawskiý sosial ýigrenji öjükdirmekde we konstitusion düzgüni agdarmaga synanyşykda aýyplanyp, tussag edilipdi.

Şu hepde Gazagystanyň baş prokuraturasy 16-njy dekabrda polisiýanyň kanun esasynda ýarag ulanandygyny aýtdy. Ýöne gereginden artyk güýç ulanmak bilen bagly dört ýokary derejeli çinownigiň işi sud derňewinde.

Şenbe güni Almatynyň sudy mitingi gurnaýjy liderleri 15 gije-gündiz tussag astyna almak barada karar çykardy.

Gazagystanyň birleşen Sosial-demokratik partiýasynyň liderleri Bulat Obilow bilen Amirjan Kosanow mitingler we demonstrasiýalar geçirmek baradaky kanuny bozmakda günäli bilindi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG