Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde iki mekez açyldy


Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde medisina biotehnologiýasy we sport medisinasy boýunça iki sany ylmy-barlag merkezi açyldy.

Şol merkezleriň wezipesi biofarmasewtika, öýjük inženeriýasy, täze medisina tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça barlaglar alyp barmakdan hem köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini lukmançylyk taýdan üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, meduniwersitetde 2011-nji ýylyň sentýabrynda sport medisinasy fakulteti işläp başlady. Täze merkezleriň döwredilmegi şol işiň logiki dowamydyr.
XS
SM
MD
LG