Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistan Watan goragçylarynyň gününi belledi


Watan goragçylarynyň gününe gabatlap, Aşgabada 27-nji ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Harby institutyň jaýlar toplumynyň, ýöriteleşdirilen harby mekdebiň we Ofiserleriň merkezi öýüniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňeldilen maslahatyny geçirdi.

Maslahatda eden çykyşynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow harby hem kanun goraýjy organlaryň maddy- tehniki bazasynyň yzygiderli pugtalandyryljakdygyny, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň sosial-durmuş şertleriniň gowulandyrylyjakdygyny aýtdy.

Täze açylan ýöriteleşdirilen harby mekdep 600 okuwça niýetlenendir. Şunuň ýaly mekdepler mundan öň diňe Daşoguz we Mary şäherlerinde bardy. Bu ýerde watan goragçylaryny, köne däbe görä, mekdep partasyndan taýýarlap başlaýarlar diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG