Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Günorta-gündogar Aziýada harby sanyny artdyrmakçy


Birleşen Ştatlar Günorta-gündogar Aziýada harby bazalar döretmegiň hasabyna däl-de, harby taýdan sanyny artdyrmaga ýykgyn edýär.

ABŞ-nyň Ýuwaş okean Ýaragly güýçleriniň baştutany admiral Robert Uillard bu barada şeýle diýdi:

―Awstraliýada amerikan harby bölümlerini ornaşdyrmak we Singapura harby gämiler ugratmak barada ýakynda gelnen karar harby bazalar üçin çykdajylary artdyrmazdan, regionda güýçleri çalşyryp durmaga mümkinçilik berer.

Analitikleriň pikiriçe, ABŞ şeýle ädimleri regionda Hytaýyň öz pozisiýasyna ynamynyň artyşyna jogap hökmünde ädýär.
XS
SM
MD
LG