Sepleriň elýeterliligi

Orsýet-Ýaponiýa arasynda wiza režimi ýeňilleşer


Orsýetiň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleri Sergeý Lawrow we Koitiro Gembu Tokioda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda wiza režimini ýönekeýleşdirýän ylalaşyga gol çekdiler.

Şol ylalaşyk esasynda 90 güne çenli biznes-wiza almak üçin çakylyk hatyny gowşurmak düzgüni ýatyrylýar. Şeýle-de, üç ýyla çenli hereket edýän köpsaparlyk wiza sistemasy girizilýär.
XS
SM
MD
LG