Sepleriň elýeterliligi

Gorbaçýow Orsýetde referendum geçirmegi teklip edýär


SSSR-iň ilkinji we iň soňky prezidenti Mihail Gorbaçýow “Nowaýa gazetanyň” saýtynda çap edilen “Şeýlelikde, halk referendumy” atly makalasynda Orsýetde referendum geçirmek ideýasyny öňe sürýär.

“Orsýetde Konstitusiýany täzelemek inisiatiwasyny öz üstüne almaga ukyply, täze, güýçli demokratik partiýanyň dörejegini görýärin, muny durmuşyň özi talap edýär” diýip, Gorbaçýow ýazýar.

Syýasatçy muňa tarap real ýoly referendumda görýär.

Gorbaçýow makalasynda 4-nji dekabrda Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlardan soň, Orsýetde emele gelen ýagdaýy giňişleýin analiz edýär we referendum baradaky teklibiniň sebäplerini düşündirýär.
XS
SM
MD
LG