Sepleriň elýeterliligi

Filippinlerde ýerasty derýa ýedi tebigy gudratyň biridir


Filippinleriň günbataryndaky ýerasty derýa tebigatyň täze ýedi gudratynyň biri diýlip ykrar edildi diýip, şu gün Manilada “Tebigatyň täze ýedi gudraty” proýektiniň direktory Bernar Webber aýtdy.

Palawan prowinsiýasyndaky Puerto- Prinsesa ýerasty derýasy dünýäde ýer astynda gämi gatnawy bolan iň uzyn derýa bolup, uzynlygy sekiz kilometrden geçýär.

“Tebigatyň täze ýedi gudraty” konkursynyň guramaçysy Şweýsariýanyň kommersiýa maksatly bolmadyk “Täze açyk dünýä korporasiýasy” guramasydyr.
XS
SM
MD
LG