Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň prezidenti Ýewropa ýurtlaryna sapar edýär


Ýewropa ýurtlaryna sapar edýän Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý şenbe güni Beýik Britaniýa bardy we premýer-ministr Deýwid Kameron bilen duşuşdy.

Kameron britan goşunlarynyň Owganystandan 2014-nji ýylyň ahyryna çenli çykaryljakdygyny tassyklady. Goşun çykarylandan soňam öz ýurdunuň Kabul bilen uzak wagtlyk partnýorlyk saklamak we Owganystany goldamak isleýändigini aýtdy.

Häzir Owganystanda dokuz müň gowrak britan harbysy bar.

Karzaý anna güni Parižde Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi bilen duşuşdy. Iki lider Owganystandaky harby operasiýalaryň jogapkärçiligini NATO-nyň harbylaryndan ýerli gurluşlara geçirmegi, ABŞ-nyň aýak direýşi ýaly, 2014-nji ýylda däl-de, 2013-nji ýylda tamamlamak meselesinde ylalaşdylar.

Sarkoziniň sözlerine görä, Fransiýa öz goşunlaryny Owganystandan çykarmak işini 2013-nji ýylda tamamlar.
XS
SM
MD
LG