Sepleriň elýeterliligi

BMG: Siriýa rezolýusiýasynyň proýektine seredilýär


Arap döwletleri ligasynyň Siriýadaky synçylary şu hepde ýurtda zorluklaryň möwjän hepdesi bolandygyny aýdýarlar.

Arap döwletleri ligasynyň Siriýadaky synçylary şu hepde ýurtda zorluklaryň möwjän hepdesi bolandygyny aýdýarlar.

Siriýada soňky iki günde prezident Başar al-Assadyň režimine garşy durýan aktiwistlerden, soňky maglumatlara görä, 120 töweregi adam öldürilipdir.

Arap döwletleri ligasynyň Siriýadaky synçylary şu hepde ýurtda zorluklaryň möwjän hepdesi bolandygyny aýdýarlar.

Soňky günler Siriýada zorluk aktlarynyň artmagy bilen bagly Liga şenbe güni Siriýadaky synçylarynyň işini togtatdy diýip, Kairde Liganyň baş sekretarynyň orunbasary Ahmed ben Hali aýtdy.

Ahmed ben Haliniň sözlerine görä, arap ýurtlaryndan 100 töweregi synçy işini goýbolsun edip, Damaskdaky myhmanhana gelipdirler, olar indiki görkezmä garaşýarlar.

Wideo: Siriýanyň Hama şäheri oka tutulýar, 27-nji ýanwar.

Anna güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Siriýadaky konflikti kadalaşdyrmak boýunça rezolýusiýanyň proýekti maslahatlaşyldy. Ony Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyn we Germaniýanyň goldamagynda Arap döwletleri ligasy teklip etdi.

Fransiýanyň BMG-nyn ýanyndaky hemişelik wekili Žerar Aro bu barada şeýle diýdi:

―Biz çynlakaý krizis bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Bäş ýarym müň gowrak adam öldürildi. Ýurdy graždanlyk urşy gaplap aldy. Problema syýasy çözgüdiň tapylaryna biz sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Başga alternatiwa ýok. Häzir konflikti kadalaşdyrmak boýunça Arap döwletleri ligasy tarapyndan hödürlenen planymyz bar. Biziň reaksiýamyz – ony goldamak. Ýene bir gezek gaýtalaýaryn, başga hiç zat.

Rezolýusiýanyň proýektinde Başar al-Assada eglenmezden iş başyndan çekilmäge çagyryş bar.

Orsýetiň diplomaty Witaliý Çurkin dokumenti kommentirlemek bilen, onda Moskwa üçin kabul ederlikli däl maddalaryň bardygyny nygtady. Şol bir wagtda-da Çurkin mundan beýläkki maslahata Orsýetiň taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG