Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda agzyny tiken 1,200 tussag protestini tamamlady


Gyrgyzystanda türme şertlerine protest bildirip, agzyny tiken 1,200 tussagyň protesti bes edendiklerini gyrgyz çinownikleri aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň ombudsmeni Tursunbek Ahun “Türme sakçylary tarapyndan özleri bilen bagly artykmaç hereketiň bolmajagyna göze ýetirip, tussaglar yglan eden açylygyny tamamladylar” diýip, žurnalistlere aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Bişkekden 30 kilometr daşlykda ýerleşýän Stepnoýe diýen ýerdäki aýallar türmesinde protest dowam edýär. Bu ýerde tussagda oturan 250 zenan türme şertleriniň gowulandyrylmagyny talap edýär.
XS
SM
MD
LG