Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň parlamenti ÝB garşy “ar alyjylykly” çäre görmekçi


Eýranyň parlament deputatlarynyň bir topary Ýewropa Bileleşiginiň geçen hepde bu ýurduň nebit eksportyna embargo girizmek barada kabul eden kararyna garşy “ar alyjylykly” çäre görmekligi göz öňünde tutýan kanun taslamasyny parlamente hödürledi.

Deputatlar topary Ýewropa Bileleşigine satylýan nebiti häzir ur-tut togtadyp, Ýewropa ýurtlaryny kyn ýagdaýa salmaklygy teklip edýär.

Başda bu barada hödürlenen kanun taslamasyna ýekşenbe güni Eýranyň parlamentinde garalar we karar kabul ediler diýlip garaşylypdy. Ýöne parlamentiň käbir resmileri bu dokumente şu geljek hepdäniň anna gününe çenli garamaklygyň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdiler.

Eýranyň parlamentiniň bu planlaryna käbir Ýewropa ýurtlary, şol sanda Germaniýa hem alada bildirdi.
XS
SM
MD
LG