Sepleriň elýeterliligi

Müsürde parlamentiň ýokarky palatasyna saýlawlar geçirilýär


Şu gün Müsürde parlamentiň ýokarky palatasy üçin saýlawlaryň ilkinji tapgyry geçirilýär.

Maslahat beriji roly oýnajak bu ýokarky palata “Şura Geňeşi” diýlip atlandyrylýar. Ýokarky palata geçirilýän bu saýlawlar iki tapgyrdan ybarat bolar.

Ýakynda parlamentiň aşaky palatasyna geçirilen üç tapgyr saýlawlarda yslamçy syýasy toparlar orunlaryň aglaba köplügine eýe bolupdylar.

Parlament saýlawlary doly tamamlanandan soň, ýokarky we aşaky palatalaryň deputatlary bilelikde Müsüriň täze konstitusiýasynyň taslamasyny işläp düzmek üçin ýörite komissiýa dörederler.
XS
SM
MD
LG