Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow we Karimow telefon arkaly gepleşik geçirdi


Anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow telefon arkaly gepleşik geçirdiler.

Bu telefon gürrüňdeşliginde Berdimuhamedow bilen Karimow iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, olar käbir regional meselelere, şol sanda, Aral kölüni halas etmek meselesi bilen baglanyşykly ýagdaýlara-da üns berdiler.

Gürrüňdeşligiň barşynda prezident Berdimuhamedow geljek üç ýylyň dowamynda Aral kölüni halas etmek boýunça Halkara fondunyň ýolbaşçysy hökmünde Özbegistanyň alyp barjak işinde üstünlik arzuw etdi. Öz gezeginde, prezident Karimow hem Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
XS
SM
MD
LG