Sepleriň elýeterliligi

Eýranly Malekpura berlen ölüm jezasy öz güýjünde galýar


Eýranyň ýokary sudy asly eýranly we Kanadada ýaşamaga hukugy bolan Said Malekpura berlen ölüm jezasyny öz güýjünde galdyrdy.

Ýerli metbugatyň maglumatyna görä, Malekpur pornografiýa web sahypalaryny döretmekde günäli tapylypdyr.

Geçen ýyl Eýranyň ýokary sudy Malekpura berlen ölüm jezasyny ýatyrypdy. Emma munuň häzir näme sebäpden dikeldilendigi barada maglumat berilmeýär.

Malekpuryň tarapdarlarynyň aýtmagyna laýylykda, ol internetde suratlary ýerleşdirmek üçin programmany işläp düzüpdir. Emma, Malekpuryň habary bolmazdan, şol programma pornografiýa web sahyplaryny döretmekde peýdalanylypdyr.

Said Malekpur 2004-nji ýyldan bäri Kanadada ýaşaýardy. Haçan-da ol 2008-nji ýylda özüniň agyr ýatan kakasyny görmek üçin Eýrana gelende, ol tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG