Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pan Gi Mun Afrika ýurtlaryna çagyryş etdi


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun Afrika ýurtlaryna ýüzlenip, gomoseksual adamlara “ikinji derejeli şahslar hökmünde ýa-da jenaýatçylar hökmünde” garamaklaryny bes etmäge çagyrdy.

Pan Gi Mun bu barada ýekşenbe güni Efiopiýada geçirilen Afrika geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi. Panyň bu çykyşy bilen bagly Afrika ýurtlarynyň liderleri häzire çenli hiç hili beýanat ýaýratmadylar.

Afrikanyň köp döwletlerinde gomoseksuallyk bikanun hasaplanylýar. Şeýle-de Afrikadaky aglaba kelisiler muňa garşy wagyz geçirýärler.
XS
SM
MD
LG