Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýada müňlerçe adam sudýa Garzona goldaw bildirdi


Ispaniýada müňlerçe adam ýokary derejeli sudýa Baltasar Garzon üçin goldaw ýörişini geçirdi. Baltazar Garzon özüniň wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmakda aýyplanýar.

56 ýaşly Garzon 1936-39-njy ýyllar aralygynda bolan graždan urşy döwründe 114,000 adamyň ýitirim bolmagyny derňemäge görkezme beripdi. Munuň bilen baglylykda, Ýokary sud Garzona garşy iş gozgady. Suduň öňe sürmegine görä, gürrüňi edilýän jenaýatlar 1977-nji ýylda ylalaşylan amnistiýanyň çägine düşýär.

Mundan öň, Garzon çiliniň diktatory Augusto Pinoçetiň Londondan ekstradisiýa edilmegi ugrunda eden synanyşygy bilen dünýäde meşhurlyk gazanypdy.
XS
SM
MD
LG