Sepleriň elýeterliligi

Ykdysady kynçylyklar belaruslary dilegçilige mejbur edýär


Hukuk goraýjy aktiwistiň pikiriçe, resmiler ybadathananyň töweregini dilenip ýören garyp adamlardan arassalamak isleýarler.

Hukuk goraýjy aktiwistiň pikiriçe, resmiler ybadathananyň töweregini dilenip ýören garyp adamlardan arassalamak isleýarler.

Belarusyň ykdysady çökgünlige uçramagy ýurtda garyplyga düşýän adamlaryň sanynyň çalt depginler bilen ösmegine getirdi. Ýöne, halkyň kyn ýagdaýyna garamazdan, ýurduň polisiýasy gün-güzeranyny aýlap bilmän ybadathanalaryň golaýynda dilenip ýören adamlary duran ýerlerinden kowup, olary yzarlaýarlar.


Belarusyň Gomel şäheriniň keramatly Pýotr hem Pawel ybadathanasynyň golaýynda geçip barýanlardan pul diläp duran üç adamyň biri özüni Wýaçeslaw diýip tanyşdyrdy. Gözi gaýgyly, sakgalyna ak giren Wýaçeslaw özüni dilegçilik etmäge mejbur eden ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi:

—Meniň pensiýa ýaşyna ýetmegime ýene 3 ýyl bar. Men öýsüz galdym. Mende hiç zat ýök. Ýagdaýy bolmadyk adamalaryň ybadathanalaryň ýanynda dilenip durmagy bizde gadym zamandan gelýan däp. Maňa hökümet düýpden ýardam bermeýär, emma rehimli adamlar bolsa komek edýärler.

Belarus resmileriniň beren maglumatlaryna görä, 2010-njy ýylda ilatyň 5,2% garyplygyň kesgitlenen çäginden aşakda ýaşaýardy. Emma geçen ýyl belarus walýutasy hümmetsizlenip başlansoň, bu san ýokarlanyp 7,8%-e ýetdi. Belarus ilatynyň ýene 13%-niň zordan güzeran aýlaýandygy aýdylýar.

Belarusda ilatyň sosial upjünçiliginiň sowet döwründen miras galan sosialistik usul bilen alnyp barylýandygyna garamazdan, ýurduň ykdysadyýetiniň agyr günleri başdan geçirmegi sebäpli adamlaryň köpüsi hökümetiň hemaýatyndan mahrum boldy. Netijede şaherlerde iýmit satyn almaga serişdeleri bolman, dilenip ýörenleriň sany artdy.

Prawoslaw hristianlaryň ýurdy bolan Belarusda gedaýçylyk etmegiň öňden gelýän däpleriň biridigini hristan dininiň medeniýeti boýunça bilermen Natalýa Wasilewiç aýdaýr:

—Dilegçilik etmek, gedaý gezmek medeniýeti hristianlaryň ruhanylygy bilen bagly. Prawoslaw hristianlaryň keramatly şahslarynyň köpüsi gedaýçylyk edenler.

Dilegçilik etmek, gedaý gezmek däbiniň dini ruhanylyk bilen bagly bolandygy sebäpli belaruslaryň köpüsi agyr ýagdaýa düşen ildeşlerine kömek etmäge döwtalap. Gomel şäheriniň ybadathanasynyň golaýynda adamlardan pul sorap duranlaryň ýene biri Serheý gyşyň sowuk howasynda özünde geýmäge egin-eşiginiň bolmandygyny, onuň şeýle ýagdaýa düşendigini gören bir zenanyň özüne kömek edip, üstüne egin-eşik, aýagyna geýmäge köwüş alyp gelendigini gürrüň berdi:

—Ol zenan meni geýindirdi. Indi meniň aýagymda köwşüm bar. Ýögsa, men aýakýalaňaçdym. Ýanwar aýynda aýakýalaňaç, hatda jorabym-da ýokdy.

Polisiýa azar berip başlady

Ýöne, halkyň rehimliliginiň arkasyndan garyplyga uçran adamlara ýardam berilýändigine garamazdan, soňky döwürde polisiýa dilegçilere azar berip başlady. Belarus Helsinki fondunyň aktiwisti Maria Bahdanowiç şeýle ýagdaýa özüniň şaýat bolandygyny gürrüň berdi:

—Men bu mesele bilen bagly iki gezek polisiýa ýüz tutdum. Birinji gezek maňa polisiýanyň diňe serhoş adamlary ybadathananyň ýanyndan kowýandygyny aýtdylar. Şonda bu hakykatdan hem şeýledi. Emma soňra polisiýa dilegçileriň hemmesini dargadyp başlady. Men ikinji gezek polisiýa baranymda, maňa ol ýerde duranlaryň huliganlardygyny aýtdylar. Şeýle hem resmiler ybadathananyň wekilleriniň gedaýlary dargatmagy sorap, polisiýa ýüz tutandyklaryny aýtdylar.

Hukuk goraýjy aktiwistiň pikiriçe, resmiler ybadathananyň töweregini dilenip ýören garyp adamlardan arassalamak isleýarler. Maria Bahdanowiç bu hakda şeýle gürrüň berýär:

—Bu ýerlere gurply, ýagdaýy bar adamlaryň barýandygyny aýdyp, olar gedaýlary kowup, bu problemanyň üstini ýapmak isleýarler.

Ýöne, onuň pikiriçe, ýurtda garyp adam köp. Belarus Helsinki fondunyň aktiwisti onsuzam agyr ýagdaýa düşen adamlaryň ejizliginden peýdalanyp, olary görünmez ýaly etjek bolmagy masgaraçylyk diýip atlandyrdy.

Gomel şäheriniň ybadathanasynyň golaýynda dilegçilik edýänleriň ýene biri Wera atly ýaşuly aýal. Wera öz düşen ýagadaýy barada şeýle gürrüň berdi:

—Olar biziň şu taýda haýyr-sahawat diläp durmagymyza rugsat etmeli. Biz bärde hiç kime zyýan ýetirmeýäris. Biz diňe iýjek iýmitimize ýeter ýaly pul dileýäris. Biziň günümiz gaty agyr. Meniň oglum häzir keselhanada. Pensiýam bolsa gaty ujypsyz. Men kommunal tölegleri tölemeli. Şondan soň iýmite düýpden serişde galmaýar. Meniň bir ýarym ýaşyndaky agtyjagym bar. Ol ajykýar. Men garry adam, çydaryn. Ýöne ol çaga ahyryn, ol çydap bilenok.
XS
SM
MD
LG