Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG-niň barlagçylary Eýrana geldi


HAEG-niň baş direktorynyň orunbasary Herman Nakarts Wenadan Eýrana ugramazyndan öň, 28-nji ýanwar.
HAEG-niň baş direktorynyň orunbasary Herman Nakarts Wenadan Eýrana ugramazyndan öň, 28-nji ýanwar.
BMG-niň ýadro inspektorlary geçen ýekşenbede, Eýran parlamentiniň ÝB sanksiýalaryna jogap hökmünde Ýewropa nebit ibermegi gadagan etmek barada haýbat atan güni, Eýranyň ýadro programmasynyň güman edilýän harby aspektlerini anyklaşdyrmak umydy bilen, Tährana geldiler.

HAEG-niň Eýrana baran delegasiýasynyň başlygy özüniň Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly meseleleriň hemmesini çözmek isleýändigini aýdýar. Günbatar Eýran bu programma arkaly ýadro ýaragyny edinmegi maksat edinýändir öýdýär, emma Eýran onuň parahatçylyk maksatlydygyny aýdyp, öz diýenine tutýar.

HAEG-niň baş direktorynyň orunbasary Herman Nakarts Wenadan Eýrana ugramazyndan öň öz toparynyň eýranly resmiler “Tähranyň ýadro programmasynyň mümkin bolan harby ölçegleri baradaky aladalarymyz boýunça hyzmatdaşlyk eder” diýip umyt edýändigini aýtdy.

Munuň kyn wezipe bolmagy mümkin. Sebäbi Eýran öz ýadro programmasyna şübheli garaýan ýurtlaryň parahatçylykly ýadro tehnologiýasy baradaky hukugyny ykrar etmelidigini aýdyp aýak depýär, oňa ynanmaýan ýurtlar Tähranyň uran baýlaşdyrmak işiniň bir böleginiň bomba geçmejek bunkerlere geçirilendigini we energiýa zerurlygyndan aňyrrak uzaýandygyny aýdýarlar.

Has berk sanksiýalar

Günbatar bilen gatnaşyklardaky dartgynlylyk şu aý, Waşington bilen ÝB Tährany eglişige getirmek üçin has berk sanksiýalary girizenden soň ýokarlandy. Bu çäreler OPEK ýurtlarynyň iň uly nebit satýan ýurdunyň öz çig nebitini satmak ukybyny göni nyşana alýar.

Eýranly deputatlar ÝB-niň agzasy bolan 27 döwlet 1-nji iýuldan başlap Eýrandan nebit almagy togtatmak barada ylalaşyga gelenden bir hepdä golaý soň ÝB ýurtlaryna eýýäm bahasy tölenen nebiti hem ibermegi gadagan edýän kanun taslamasyny birnäçe günüň içinde ara alyp maslahatlaşmak barada haýbat atdylar. Emma teklip edilýän taslama garaşylan gününde, ýekşenbede parlamente tabşyrylmady.

Eýran parlamentiniň energiýa komissiýasynyň sözçüsi Emad Hosseýni entek beýle kanun taslamasynyň ýokdugyny, munuň deputatlar tarapyndan orta atylan ideýadygyny we energiýa komissiýasy tarapyndan öwrenilmelidigini aýdýar. Ol bu kanun taslamasyny taýýarlamak gepleşikleriniň anna gününden öň soňlanmagyna umyt baglaýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle, ýewropa firmalarynyň eýýäm puluny tölän nebitiniň iberilmezligi bilen, ÝB-niň özüni Eýrana çüňke gabatmajagyny aýtdy.

BMG Eýranyň dawaly ýadro tagallalaryny jylawlamak üçin, Birleşen Ştatlaryň we Ýewropanyň bir taraply girizen sanksiýalaryndan başga, dört tapgyr sanksiýa girizdi.

BMG-niň baş sekretary Pan Gi MUn şu hepde “özleriniň ýadro programmasynyň hakykatdan hem parahatçylykly maksatlydygyny subut etmek jogapkärçiligi Eýranyň boýnunda we olar entek bu işi edenok” diýdi.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki Press TV telekanaly Eýranyň HAEG-däki ilçisi Ali Aşgar Soltaniýeniň sözlerine salgylanyp, Tähranyň HAEG-niň täze topary bilen maksadynyň esassyz aýyplamalary öňe sürýän duşmanlaryň planlaryny puja çykarmakdan ybaratdygyny aýtdy.

HAEG noýabr aýynda Tährany ýadro partlaýyş enjamlary bilen baglanyşykly işler bilen meşgul bolmakda aýyplady we ýadro ýaraglaryny edinjek bolmaga mahsus ýaşryn işler üçin çynlakaý alada bildirdi.
XS
SM
MD
LG