Sepleriň elýeterliligi

RSF “žurnalistler üçin dowzah” ýurtlar barada


“Serhetsiz reportýorlar” guramasy (RSF) 25-nji ýanwarda “Metbugat azatlygynyň indeksi 2012” atly ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabatda dünýädäki metbugat azatlygynyň geçen ýyldaky ýagdaýyna syn edilýär we žurnalistlere garşy edilen basyşlar barada habar berilýär. “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň jemi 179 ýurt boýunça düzen bu hasabatynda Türkmenistan 177-nji orunda ýerleşdirilipdir.

“Aktual gürrüň” atly gepleşigimiziň bu sanynda biz “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň täze hasabaty barada guramanyň Ýewropa we postsowet döwletleri boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýohan Bihr bilen söhbetdeş bolduk. Gepleşigi Pragadaky studiýadan Merdan Saryýew alyp barýar.

Azatlyk Radiosy: Hasabatyň içine düýpli girmezden ozal, ilki bilen onuň ilkinji sahypasynda ýerleşdirilen sözbaşydan başlasak. Ýagny, onda “protestleriň basylyp ýatyrylmagy görkezijilere uly täsirini ýetirdi” diýilýär. Siz munuň üsti bilen näme diýjek bolduňyz?

Ýohan Bihr

Ýohan Bihr

Ýohan Bihr: 2011-nji ýyl dünýäniň köp künjeklerinde, hususan-da arap dünýäsinde ýüz beren protestler bilen, has-da ýatda galdy. Bular ýaly wakalara postsowet ýurtlarynyň käbirlerinde hem şaýat bolduk. Muňa Azerbaýjan we Belarus mysal bolup biler.

Umuman, 2011 – protestler ýyly boldy diýse bolar. Munuň netijesinde-de žurnalistler bolup geçýän zatlary beýan etmek üçin, wakalaryň bolýan ýerlerinde iş alyp bardylar. Şeýlelikde, bu žurnalistikanyň diňe bir kompýuteriň öňünde oturyp makala ýazmak bilen çäklenmän, eýse wakalaryň bolýan ýerinden, söweş meýdanyndan maglumatlary beýan etmekdigini hem subut etdi.

Şol bir wagtda-da bu sebäpli žurnalistlere garşy edilýän repressiýalar hem has giňedi. Biz özümiziň häzire çenli alyp baran gözegçiligimizde entek hiç haçan geçen ýylky bolşy ýaly derejede žurnalistleriň tussag edilmegini hasaba almandyk. Bu hem öz gezeginde, soňky hasabatda görkezijileriň geçen ýylky hasabata görä, gözilginç bir görnüşde üýtgemegine sebäp boldy. Ençeme ýurtlar köp görkezijiler boýunça pese gaçdy, käbirleri bolsa, tersine, ýokary galdy.

Azatlyk Radiosy: Onda siziň şu ýylky hasabatyňyzyň iň esasy açyşy bu “protestler” bolupdyr-da?

Ýohan Bihr: Dogryny aýtmaly bolsa, bu “açyşy” diňe biz etmedik. Mysal üçin, “Times” žurnaly hem ýylyň adamy bu “protestçi” boldy diýip ykrar etdi. Biz hasabatymyzda protestleriň üstünde onçakly bir durmadyk, ýöne munuň žurnalistleriň işine uly bir derejede täsir ýetirendigini belläp geçdik. Şu sebäpli-de bu ýylky hasabat bilen ozalkylaryň arasynda şeýle uly tapawut bar.

Azatlyk Radiosy: Hasabatda Özbegistan 157-nji orunda, Belarus bolsa 168-nji orunda ýerleşdirilipdir. Bu iki ýurduň arasynda 10 töweregi orun tapawudy bar. Mundan çen tutulsa onda, Özbegistanyň ýagdaýy Belarusyňka görä gowy bolýar-da. Siz muňa bir aýdyňlyk salsaňyz?

Ýohan Bihr: “Metbugat azatlygy” indeksi iki aýry aspekt boýunça taýýarlanýar. Bularyň birinjisi bu ýurtda metbugat azatlygynyň derejesidir. Munuň düzümine metbugatyň garşysyna goýulýan senzuranyň, döwletiň habar serişdelerine kontrollygynyň derejesi ýaly zatlar girýär. Ikinjisi bolsa, hasabatda gürrüňi gidýän döwürde metbugat azatlygyna edilen jebir-sütemdir.

Käwagtlar bu iki aspekt biri-birine ters gelýär. Bu hem hasabatda ilki bada geň bolup görnüp biljek maglumatlary aňdyňlaşdyrýar. Mysal üçin, Azerbaýjanyň we Belarusyň şu ýylky hasabatda Özbegistandan hem pesde goýulmagy. Bu Özbegistanda metbugat azatlygynyň Belarusa görä gowudygyny aňlatmaýar. Beýle diýmek ýalňyş bolar.

Belarusda we Azerbaýjanda režimler näçe repressiw bolsa-da, ol ýerde her halda oppozisiýanyň mediasy, tankytlaýjy žurnalistler ýaly möhüm faktorlar bar. Bularyň hiç biri Özbegistanda bu derejede ýaýramadyk. Ol juda ýapyk ýurt bolup galýar we ol ýerde azat, garaşsyz metbugat diýen zat ýok.

Geçen ýyl Belarusda we Azerbaýjanda metbugat azatlygyna edilen sütemler sebäpli hem, döwletler şu görnüşde ýerleşdirildi. Azerbaýjanda žurnalistler ýenjildi, tussag edilip, gynamalara sezewar edildi. Belarusda hem ýüze golaý žurnalist ýurtdaky protest-demonstrasiýalary beýan etjek bolanlarynda tussag edildi. Netije-de bu sütem metbugat azatlygynyň umumy ýagdaýyna kölege saldy.

Azatlyk Radiosy: Ýohan, indi hasabatda Türkmenistanyň ýagdaýynyň beýan edilşine gelsek. Türkmenistan 179 ýurduň arasynda 177-nji orunda ýerleşdirlipdir. Ondan soň diňe Demirgazyk Koreýa we Eritrea bar. Siz bu barada, ýaňky ýokarda belläp geçen iki aspektiňiz jähtden, has giňişräk gürrüň beräýseňiz.

Ýohan Bihr: Gynansak-da, Türkmensitandaky metbugat azatlygynyň ýagdaýy eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda üýtgemän gelýär. Hasabatymyzda, geçen ýylky ýagdaýlara görä, Türkmenistan yzdan üçünji orunda ýerleşdirildi. Biz hasabatdaky soňky üç döwleti, ýagny Türkmenistany, Demirgazyk Koreýany we Eritreany “žurnalistler üçin dowzah” diýip atlandyrýarys. Bu üç döwletde metbugat azatlygynyň ýagdaýy babatynda köp meňzeşlikler bar. Ol ýerdäki bar bolan totalitar režimlerde garaşsyz žurnalistiň iş alyp barmagy barada pikir hem edip bolanok. Şol üç ýurtda metbugat azatlygy düýbünden ýok diýip bileris. Şunlukda bu ýurtlar metbugat azatlygy boýunça dünýäniň iň erbet üçlügi bolup galýarlar.

Ýöne, beýle diýildigi Türkmenistanda hiç bir öňegidişligiň bolmandygyny aňlatmaýar. Abadan wakalary muňa gowy mysal. Hökümet ol ýerdäki bolan partlama bilen bagly maglumatlary näçe ýaşyrjak bolsa-da, adaty raýatlar öz mobil telefonlaryny peýdalanyp, şol böwedi ýykyp bildiler. Adaty adamlar ol ýerdäki bolan zatlary surata alyp, wideoýazgylary internete ýerleşdirip, bolup geçen wakalary tutuş dünýä ýetirmegi başardylar. Türkmenistan ýaly ýapyk bir ýurt barada gürrüň edilende, bu bolup geçen zatlar juda we juda möhümdir. Ýagny, bu dünýäniň hiç bir döwletiniň özüni dolulygyna ýapyk saklap bilmejekdigini aňladýar. Nädeniňde-de, hökman, gürrüňsiz, bir yşyk görünmeli.

Azatlyk Radiosy: Ýohan, meniň soňky soragym Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlary bilen bagly. Ýurduň resmileri bu saýlawlaryň açyk bäsdeşlik görnüşinde geçiriljekdigini aýdýarlar. Siz bu barada näme pikir edýärsiňiz?

Ýohan Bihr: Munuň näme bilen gutarjagyna garaşalyň. Ýöne, wakalaryň özgerşine görä, bularyň ählisi bir gurnalan oýna meňzeýär. Ýatladyp geçesim gelýär, häzirki edilýän wadalar prezident Berdimuhamedow häkimiýete ýaňy geçäýende-de berlipdi. Şondan bäri berlen wadalary bitirmek üçin ýeterlik wagt geçdimikä diýýärin, ýöne häzir bu ugurda göze ilýän özgerişlik ýok, bolsa-da gaty ujypsyz. Şonuň üçin, bu edilýän çykyşlardan onçakly bir uly zada garaşmaly dälmikä diýýärin. Her niçigem bolsa, geliň garaşalyň we mundan soň nämäniň boljakdygyna syn edeliň, Ýöne bu meselä meniň hut öz garaýşym onçakly optimistik umytly däl.
XS
SM
MD
LG