Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýe bilen Türkmenistan milli walýutasynda söwda etmekçi


Dünýä metbugatynda peýda bolan maglumatlara görä, Türkiýe Türkmenistan bilen özara söwdany milli walýutada etmek barada ylalaşypdyr.

Türkmenistana sapar edýan Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýanyň sözlerine salgylanyp habar berilmegine görä, iki ýurduň Merkezi Banklarynyň arasynda bu barada karar kabul edilensoň, milli walýutada söwda etmek düzgüni giriziler.

Şeýle hem Türkiýäniň ýokary derejeli resmisi türkmen hökümetiniň Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalaryna döwlet tarapyndan yglan edilen tenderleriň 90%-ni berýändigini, türk firmalarynyň bu ýurtda jemi 3,2 milliard dollara barabar gurluşyk proýektlerini alyp barýandygyny nygtapdyr.

Ýakynda Türkmenistanyň prezidentiniň türkler barada ýakymsyz sözleri aýdandygy barada peýda bolan wideoýazgy Türkiýede dürli diskussiýalaryň döremegine sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG