Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň hökümet goşuny täze pozisiýany eýeleýär


Soňky üç günüň dowamynda Damaskyň etegindäki Gutanyň töwereginde Siriýanyň hökümet goşunlary bilen “Siriýanyň Erkin armiýasy” diýlip atlandyrylýan protestçileriň arasynda çaknyşyk dowam etdi.

Bu çaknyşykda 9 adamyň öldürilendigi we azyndan 45 adamyň tussag edilendigi aýdylýar. Protestçilere garşy 2 müňe golaý esgeriň, agyr harby tehnikanyň sürlendigi habar berilýär.

Ýurduň oppozisiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, 29-nji ýanwarda ýene 60-a golaý adam hökümetiň repressiýalarynyň pidasy bolupdyr.

Şenbe güni Arap Ligasy Siriýada nobatdaky gezek parahat protestçilere garşy ýarag ulanylmagyna jogap edip, bu ýurtdaky öz synçylaryny haýdan-haý yzyna çagyrmak barada karar kabul etdi.

Ýekşenbe güni Orsýetiň hökümeti Arap Ligasynyň Siriýadaky öz synçylar toparynyň işini togtatmak barada gelen kararyna nägilelik bildirip, muny tankyt etdi.

27-nji ýanwarda arap ýurtlarynyň birnäçesi Siriýanyň režimine basyş görkezilmegini we prezident Başar al-Assadyň wezipeden gitmegini talap edýän rezolýusiýanyň taslamasyny taýýarlap, ony BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň garamagyna hödürledi. Ýöne bu rezolýusiýanyň taslamasyna Orsýet garşy çykdy.
XS
SM
MD
LG