Sepleriň elýeterliligi

Panetta Tähranyň ýadro ýaragyny 1 ýylda döredip biljekdigini aýdýar


Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Leon Panetta analitiklere salgylanyp, Tähran islän halatynda, Eýranda bir ýylyň dowamynda ýadro ýaragyny döretmäge zerur bolan şertleriň bardygyny aýtdy. Ol bu barada 29-njy ýanwarda “CBS News” habarlar gullugynyň “60 minut” atly telegepleşiginde şeýle diýdi:

—Eger Eýran ýadro ýaragynyň üstünde işläp başlasa, bize hem olaryň bu ugurdan iş alyp barýandygy belli bolsa, onda biz şol işleri togtatmak üçin zerur bolan hereketleri amala aşyrmaga taýýar.

Eýran ýadro ýaragyny döretmek meýliniň ýokdugyny aýdýar.

Şol bir wagtda, ýekşenbe güni BMG-niň ýadro meseleleri boýunça gözegçileri Eýranyň paýtagty Tährana bardylar.

BMG-niň synçylary Eýranyň ýadro merkezlerine sapar edip, bu ýurduň ýadro programmasynyň harby maksatlaramy ýa-da parahatçylykly maksatlara eýerýändigine baha bermäge synanyşarlar.

Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi BMG-niň missiýasynyň özlerinde optimistik duýgulary döredendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG