Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda yslamçy söweşijileriň komandiri öldürildi


Pakistanda janyndan geçen bir hüjümçiniň yslamçy söweşijileriň komandirini we başga-da azyndan iki adamy öldürendigi habar berilýär.

Polisiýanyň maglumatyna salgylanyp berlen informasiýa görä, duşenbe güni hüjümiň nyşany Hajy Ahunzada bolupdyr.

Düýbi Hyber sebtinde ýerleşýän “Ansar ul-Islam” toparynyň düzüminde Ahunzadanyň uly derejesiniň bardygy çaklanýardy.

Pakistanyň resmileriniň sözlerine görä, hüjümi “Ansar ul-Islam” toparyna garşydaş “Laşkar-e-Islam” topary amala aşyrypdyr.
XS
SM
MD
LG