Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Ýewropada ençeme adam sowukdan öldi


Howanyň birden sowamagy we garyň köp mukdarda ýagmagy sebäpli Gündogar Ýewropada ençeme adamyň ölendigi habar berilýär.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň berýän maglumatyna görä, soňky günleriň içinde çenden aşa sowuk sebäpli 18 adam heläk bolupdyr.

Polşada hem anna gününden bäri azyndan 10 adamyň doňup ölendigi habar berilýär. Ol ýerde howa -25 gradusa çenli aşaklady.

Merkezi Serbiýada azyndan üç adamyň ölendigi we ýene-de iki adamyň dereksiz ýitendigi aýdylýar.

Bolgariýada ýurduň 28 etrabynyň 25-de adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Ol ýerde 57 ýaşly bir adam doňup ýogaldy.

Çehiýanyň gündogaryndaky Opawa şäherinde hem doňup galan 26 ýaşly oglanyň jesedi tapyldy.
XS
SM
MD
LG