Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde oppozision liderler telewideniýä çykyp başladylar


Orsýet Dumasynyň spikeriniň öňki orunbasary, häzir hasaba alynmadyk “Parnas” atly oppozision hereketiň liderleriniň biri Wladimir Ryžkow (çepde) we premýer-ministriň öňki orunbasary Boris Nemtsow
Orsýet Dumasynyň spikeriniň öňki orunbasary, häzir hasaba alynmadyk “Parnas” atly oppozision hereketiň liderleriniň biri Wladimir Ryžkow (çepde) we premýer-ministriň öňki orunbasary Boris Nemtsow

Uzak wagtdan soň Orsýetiň näresmi oppozisiýasynyň ady belli iki lideri häkimiýetler tarapyndan berk gözegçilik astynda saklanýan Orsýetiň telewideniýesinde geçirilýän gepleşige çagyryldylar.


Orsýet Dumasynyň spikeriniň öňki orunbasary, häzir hasaba alynmadyk “Parnas” atly oppozision hereketiň liderleriniň biri Wladimir Ryžkowy Orsýetiň birinji kanaly gepleşige gatnaşmaga çagyrdy. Bu hereketiň ýene bir lideri ýurduň premýer-ministriniň öňki orunbasary Boris Nemtsow bolsa Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasyna degişli NTW telekanalynda çykyş etmek mümkinçiligini aldy.

Boris Nemtsow özüniň NTW telekanalynda 5 ýyl bolmandygyny aýdyp, häzir gepleşige gatnaşmaga çagyrylmagynyň ýurtda käbir zatlaryň özgerýändigine şaýatlyk edýändigini belledi.

NTW telekanalynda çykyş eden Boris Nemtsow 4-nji martda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşýan Wladimir Putini tankytlap çykyş etdi:

—Ýelsin ýurda diňe 8 ýyl ýolbaşçylyk etdi. Putin bolsa 12 ýyl Orsýeti dolandyryp gelýär. Ol ýene 12 ýyllap häkimiýeti eýelemek isleýär. Belki, bu artykmaçdyr. Ol häkimiýet başynda Brežnewden köp, Stalinden bolsa sahel az oturmak isleýär. Bu kime gerek. Häkimiýeti çalyşmaly.

Şol bir wagtda ýurduň içinde Putiniň häkimiýete dalaş etmeginden nägilelik artýar. 29-njy ýanwarda Moskwanyň Sadowoe Koltso diýlip atlandyrylýan köçesinde awtoulag sürüjileri 4-nji fewralda oppozisiýanyň geçirjek protestlerini goldap, maşynlaryna oppozision nyşan bolan ak halkany dakyp, protest geçirdiler.

Bu proteste gatnaşan ýaş zenan hemme zadyň çeni ýagşy diýýär. Ol her raýatyň öz hak-hukugy üçin göreşmelidigini, özi barada alada etmeýänleriň çagalarynyň geljegi barada oýlanmalydygyny aýdýar.

4-nji dekabrda Orsýetde geçirilen parlament saýlawlarynda galplyklar ýüze çykansoň, protestleriň güýjemegi bilen, ýurtda Putine garşy ýazylýan protest aýdymlarynyň-da sany artýar.

Mysal üçin, soňky döwürde rus desantçylarynyň Putin barada ýazan aýdymy internet ulanyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanyp başlady. Onda: “Senem biz ýaly adam, Huday dälsiň, prezident hem kanunlary berjaý etmelidir, biz indi saňa ýalan sözlemäge, döwlet gaznasyndan pul ogurlamaga ýol bermeris” diýilýär.
XS
SM
MD
LG