Sepleriň elýeterliligi

Köne asma ýoly işlemän ýatyrka täzesi gurulýar


4 kilometre uzap gidýän asma ýoly 1,270 metr beýiklikdäki syn ediş meýdançasyna barýar.

4 kilometre uzap gidýän asma ýoly 1,270 metr beýiklikdäki syn ediş meýdançasyna barýar.

Geçen ýylyň tomus paslynyň ahyrynda Aşgabatdaky asma ýolunyň işi togtady. Eýýäm 4 aýdan gowrak wagt bäri Köpetdagyň gerşine barýan bu asma ýoly işlemeýär. Onuň sebäbi näme diýlen soraga asma ýolunyň adynyň agzalmazlygyny soran işgäri şeýle jogap berdi:

—Howpsuzlyk üçin wagtal-wagtal tanaply ýoluň şaý-seplerini çalşyp durmaly. Şaý-sepler Fransiýadan getirilmeli. Ýöne bize gerek zatlar entek getirilenok.

20 ýarym million dollara durýan we “Türkmenbaşynyň asma ýoly” diýlip atlandyrylýan bu desga 2006-njy ýylda Fransiýanyň “Buig” kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanylmaga berlipdi.

4 kilometre uzap gidýän asma ýoly 1,270 metr beýiklikdäki syn ediş meýdançasyna barýar. Köpetdagyň gerşindäki bu meýdançada şähere syn etmek üçin bäş sany dürbi goýlan. Bu meýdançada 100 adamlyk restoran bilen 80 adamlyk kafe-bar hem guruldy.

Emma 20 million dollar töweregi serişde bilen gurlan asma ýoly we oňa degişli beýleki dynç alyş amatlyklaryndan häzirlikçe paýtagt Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we onuň myhmanlarynyň doly peýdalanýanlygyny aýtmak kyn.

—Iki oglum bilen asma ýoluna gezelenje geldim, emma bärde güýmener ýaly zat galmandyr, ýaňy-ýakynam telewideniýede bu ýol barada bir-iki sany wasp ediji reportažlar görkezilipdi, indi bärik gelip görseň ol işlänok—diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy 37 ýaşly Allamyrat Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Allamyradyň aýtmagyna görä, bu desganyň işlemeýändigi barada maglumatyň, bildirişleriň bolmazlygy bu ýere gezelenç niýeti bilen gelýän adamlaryň lapyny hasam keç edýär, sebäbi olar ep-esli ýoly aşyp gelenlerinden soň onuň işlemeýändigine göz ýetirýärler:

—Asma ýoluna barýançaň ýol ugrunda onuň işlemeýändigi barada ýekeje-de bildiriş ýok. Uly ýoldan ep-esli ýokaryk galyp soň yzyňa dolanmaly bolýarsyň. Asla, asma ýoluna barýan ýol salgylary-da ýok.

Suratlar: "Türkmenbaşynyň asma ýolunda", ýanwar, 2012.

2006-nji ýylda ulanyşa girizilen bu asma ýoly gysga wagtyň içinde aşgabatlylaryň iň gowy görýän dynç alyş ýerleriniň birine öwrülipdi. Şol ýere her gün, esasanam hepde ahyrlarynda ýüzlerçe maşgalalar gezelenje barýardylar. Esasan hem ýaz, tomus pasyllary bu ýeriň adamy köp bolýardy. Tikenli simleriň aňyrsynda ellenmän galan tebigy gözellikden lezzet almaga gelýän paýtagtyň myhmanlary hem az däldi. Dagyň gerşine barýan kabinalarda oturan çagalary aşakda otlap ýören keýikler heýjana getirýärdi.

Dag gerşinden eliň aýasynda ýaly görünýän Aşgabadyň panoramalaýyn görnüşi hiç kimi biparh goýmaýardy. Ilkibaşda asma ýoly arkaly dagyň gerşindäki syn ediş meýdançasyna barmak üçin 20 teňňe tölemelidi. Häzir adam başyna 2 manat tölemeli.

Bu desganyň gaýtadan haçan işläp başlajakdygy barada häzirlikçe maglumat ýok. Asma ýolunyň işgärlerinden biriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyndan çen tutulsa, ol çalt ýola goýuljaga-da meňzemeýär:

—Fransiýadan gelmeli şaý-sepler getirilip dakylýança kän wagt gerek. Ilki daşary ýurt firmalary bilen kontraktlar baglaşylmaly. Şol kontraktlar bolsa 4-5 sany döwlet edarasynyň gözegçiliginden geçmeli. Belki-de käbir ministrlikleriň rugsady alynmaly. Biržadan, gümrükden geçirilmeli. Edil häzirki wagtda şol matariallar getirilmeli diýlen karara gelnendigi barada hem maglumat ýok. Garaz, şol matariallar getirilmeli ediläýen ýagdaýynda hem ol bize gowuşýança ep-esli wagt geçer.

2006-nji ýylda gurlan bu asma ýolunyň 4 aýdan bäri işlemeýän we haçan işläp başlajakdygy hem belli bolmadyk häzirki pursatynda, Türkmenistanda öňküsinden iki esse uly ikinji asma ýolunyň gurulmagy barada iş alnyp barylýar.

Türkmenistan.Ru internet gazetiniň şu ýylyň 23-nji ýanwarynda çap eden maglumatyna görä, 9 kilometrlik täze we ikinji asma ýoly “Türkmenistan” teleýaymlar merkeziniň täze binasy bilen Köpetdagyň aralygynda gurlar. Göwrümi boýunça has kiçi asma ýoly işlemän ýatyrka, hökümetiň şonuň ýaly has uly proýekte girişmegi halk arasynda dürli soraglary döredýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG