Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan bilen Türkiýe milli pulda söwda etmekçi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan (sagdan ikinji) Aşgabatda, 2010-njy ýylyň aprel aýy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan (sagdan ikinji) Aşgabatda, 2010-njy ýylyň aprel aýy.

Duşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň wekilçilikli delegasiýasyna baştutan bolup gelen Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýany kabul etdi. Türk delegasiýasy ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara komissiýanyň dördünji maslahatyna we türkmen-türk biznes-forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi diýip, türkmen metbugaty habar berdi.

Zafer Çaglaýan we Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda gitdigiçe artyp barýan söwda gatnaşyklarynda ýewro we dollar ýaly walýutalary däl-de, iki ýurduň öz içki milli puluny ulanmak barada hepdäniň duşenbe güni ylalaşyga gol çekdiler diýlip, habar berilýär.

Nämäni aňladýar?

Eýse, bu ylalaşyk nämäni aňladýar we oňa nähili zerurlyk bar? Bu soraga Moskwadaky GDA intitutynyň uly ylmy işgäri, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert Andreý Grozin şeýle jogap berdi:

—Dünýä bazarynda häzir adamzadyň başdan geçirýän maliýe krizisi liderleri başga-başga mehanizmleri gözlemäge mejbur edýär. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda gelnen bu ylalaşyk täzelik ýa rewolýusiýa däl. Hasaplaşygyň täze mehanizmi barada Günorta-Gündogar Aziýada-da, Orta Gündogarda-da, Latyn Amerikasynda-da köpden bäri gürrüňler bar. Berdimuhamedowy dünýäniň maliýe, makro-ykdysady problemalary däl-de, has ýakynyndaky, gaz söwdasyndan inflýasiýa uçramajak girdejiler, başga-da köp meseleler, şol sanda býujetiň barha artyp barýan boşluklaryny doldurmak gyzyklandyrýan bolsa gerek.

“Today’s Zaman” gazeti Zafer Çaglaýanyň “Täze gol çekilen ylalaşyk ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny gaty ýokary derejelere ýetirer, söwdany içerki walýutada alyp barmagy premýer-ministr Rejep Taýýip Erdogan talap etdi. Täze ylalaşyk söwda ýaranlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulanmagyna getirer” diýen sözlerini ýazýar.

Ylalaşygyň haçandan we nähili tertipde güýje girjekdigi barada maglumat ýok. Emma Türkiýäniň Gazy uniwersitetiniň Halkara gatnaşaklar bölüminiň professory Mehmet Seýfetdin Erolyň sözlerine görä, eger ol güýje girse, Türkmenistanda iş alyp barýan hususy türk kompaniýalaryna, esasan-da, Türkiýäniň regiondaky uzak möhletli syýasy bähbitlerine oňyn täsir eder:

—Eger bu ylalaşyk iş ýüzünde amala aşyrylsa, Türkiýe bilen regionda ýerleşýän türki dilli respublikalaryň arasynda milli walýuta arkaly ýola salynjak ykdysady gatnaşyklar soňky tapgyrda olaryň arasynda syýasy gatnaşyklaryň-da güýçlenip biljekdigini aňladýar.

Çözülmedik meseleler

Orsýetli ekspert Andreý Groziniň pikiriçe, bu ylalaşyk barasynda häzir bir zat aýtmak gaty kyn. Munuňam üstesine Aşgabat bilen Ankaranyň gatnaşyklarynda birgiden çözülmedik meseleler bar. Bu ýerde, käbir maglumatlara görä, milliard dollar, belki ondan-da agdyk pul hasaplaşygy barada gürrüň gidýär. Şol hem milli walýutada hasaplaşyk meselesine päsgelçilik döredip biler. Onsoňam başga walýutada hasaplaşygyň uzak wagt, çykdajy talap edýän mehanizmi bar.

—Orsýet bilen Hytaýyň arasynda milli pulda hasaplaşyk soňky aýlar aktiwleşýär. Bu işe taýýarlyk birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýärdi. Üstesine-de, dünýä maliýe krizisi bu işe itergi berdi. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda gelnen täze ylalaşyk barasynda aýdylanda, dünýäniň häzirki çuňňur maliýe krizisi şertlerinde milli pullaryň ýene birnäçe aýdan nähili boljagyny hiç bir ykdysatçy aýdyp bilmese gerek. Her zat bolmagy mümkin—diýip, ekspert Andreý Grozin aýtdy.

Türk kompaniýalarynyň iş alyp barýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sanawynda Türkmenistanyň birinji orunda durandygyny “Today’s Zaman” zaman gazeti ýazýar.

Soňky döwürde algy-bergi dawasy boýunça ençeme türk kompaniýasy halkara arbitraž sudlaryna ýüzlendi. Türk ekspertiniň aýtmagyna görä, Çaglaýanyň Türkmenistana edýän bu sapary ykdysady bähbitler bilen bir hatarda şol firmalaryň dawasy sebäpli arada dörän oňşuksyzlygy köşeşdirmegi-de göz öňünde tutýar.

Türkiýäniň Ykdysadyýet ministrliginiň ýaýradan maglumatyna görä, Aşgabatda gol çekişlik dabarasynyň dowamynda eden çykyşynda türk ministri Zafer Çaglaýan şeýle diýipdir:

—Iş bar ýerinde problema hem bar. Emma bu problemalaryň çözgüdi babatda uly işleri etdik. Türk işewürlerine berýän goldawyňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Energiýa, oba hojalygy, bilim, saglyk, medeniýet, standartizasiýa we turizm ýaly pudaklar boýunça hyzmatdaşlyk babatda pikir alyşdyk. Türkmen işewürlerini hem Türkiýä maýa goýmaga çagyrýarys.

Çaglaýan gepleşikleriň netijesinde alnan kararlaryň gysga wagtyň içinde durmuşa geçiriljegine ynam bildirip, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara komissiýasynyň nobatdaky maslahaty üçin türkmen resmilerini Antalýa çagyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG