Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň ýadro ekspertleriniň Eýrana sapary tamamlanýar


Eýranyň ýadro nokatlaryna sapar eden BMG-niň ýadro ekspertleriniň üç günlük sapary şu gün tamamlanýar.

Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehiniň bu toparyň Eýrana saparynyň möhletini uzaltmaga taýýardygyny aýdandygyna-da garamazdan, ekspertler topary şu gün Eýrana saparyny tamamlaýandygyny mälim etdi.

BMG-niň bu topary Eýranyň ýadro programmasynyň harby maksatlaramy ýa-da parahatçylykly maksatlara eýerýändigini anyklamak we bu ugurda fakt toplamak missiýasy bilen Tährana barypdy.

Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi BMG-niň ekspertleriniň eden bu saparynyň Eýranyň ýadro programmasy boýunça Eýran bilen Günbataryň arasynda dowam edip gelýän dartgynlylygy gowşadar diýip umyt edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG