Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde 14 sany prokuratura işgäri tussag edildi


Şu gün Orsýetde humarly oýunlaryň biznesinde edilen galplyklar bilen baglanyşykly 14 sany prokuratura işgäri tussag edildi.

Moskwanyň şäher prokurory Aleksandr Anikin bu iş boýunça geçirilen derňew işlerinde gizlin ýagdaýda humarly oýunlaryň biznesini ýola goýan we her aýda 10 million dollar töweregi girdeji alýan jenaýat toparynyň üstüniň açylandygyny aýtdy.

Ol bu jenaýatçy toparyň erkin iş alyp barmagynda prokuratura işgärleriniň-de rolunyň uly bolandygyny mälim etdi.

Geçen ýyl Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy Orsýetiň 15 sany şäherinde humarly oýunlaryň biznesine kontrollyk edýän toparlaryň üstüniň açylandygyny habar beripdi.
XS
SM
MD
LG