Sepleriň elýeterliligi

Žanaözen şäherinde adatdan daşary ýagdaý düzgüni ýatyryldy


Gazagystanyň hökümeti ýurduň Žanaözen şäherinde dekabr aýynda girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgünini şu gün ýatyrdy.

Habar agentlikleriniň maglumatynda bu şäherdäki goşmaça howpsuzlyk güýçleriniň şäherden çykarylandygy, ýöne polisiýanyň ýagdaýa henizem berk gözegçilik edýändigi aýdylýar.

Žanaözen şäherindäki adatdan daşary ýagdaý düzgüni dekabr aýynda bu şäherde 16 adamyň ölümine getiren halk çykyşlarynyň yzy bilen girizilipdi.

Žanaözen şäherindäki gyrgynçylyk bilen baglanyşykly ýakynda birnäçe polisiýa ofiserine garşy jenaýat işiniň gozganlandygy habar berildi.
XS
SM
MD
LG