Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz biznesmenine çykarylan höküm öz güýjünde galýar


Şu gün Gyrgyzystanyň Jalal-Abat oblastynyň sudy özbek asylly tanymal biznesmen Kadyrjan Batyrowa ömürlik türme tussaglygyny bermek barada ozalky çykarylan hökümi öz güýjünde galdyrdy.

Kadyrjan Batyrowa garşy ozalky hökümi geçen ýylyň oktýabrynda Jalal-Abat şäheriniň sudy çykarypdy.

Gyrgyzystanyň sudy häzirki wagt Şwesiýada bosgunlykda ýaşaýan Kadyrjan Batyrowy 2010-njy ýylda ýurduň günorta regionynda separatistik propoganda ýaýradanlykda, etniki duşmançylygy öjükdirenlikde we ýerli özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda etniki çaknyşyklary gurnanlykda aýyplaýar.

Kadyrjan Batyrowyň özi özüniň bu jenaýat işlerine dahylly däldigini aýdyp, muny ret edýär.
XS
SM
MD
LG