Sepleriň elýeterliligi

Ispan sudy Garzona boýunça haýyşy kabul etmedi


Ispaniýanyň ýokary sudy sudýa Baltasar Garzona garşy bildirilýän aýyplamalary ýatyrmak boýunça edilen haýyşy kabul etmedi.

Ispaniýanyň iň tanymal sudýalarynyň biri Garzon özüniň wezipe ygtyýarlyklarynyň çäginden çykmakda aýyplanýar. Garzon ozalky diktator general Franko ygrarly goşunlaryň 114000 adamy öldürmegini derňemäge görkezme beripdi. Emma suduň öňe sürmegine görä, gürrüňi edilýän jenaýatlar 1977-nji ýylda ylalaşylan amnistiýanyň çägine düşýär.

Garzon 1998-nji ýylda Çiliniň öňki lideri Augusto Pinoçete garşy adam hukuk bozmalary boýunça bildiren aýyplamlary bilen dünýä meşhurdyr.
XS
SM
MD
LG