Sepleriň elýeterliligi

Fransuz deputatlary jedelli kanun taslamasynyň seljerilmegini soradylar


Fransiýada 140 töweregi deputat we senator ýurduň Konstitusion geňeşine ýüz tutup, ermenilere garşy genosidiň amala aşyrylandygyny inkär etmekligi jenaýat diýip hasaplamak baradaky kanun taslamasyny seljermegi sorady.

Mundan öň, fransiýanyň parlametniniň iki palatasy hem gürrüňi gidýän kanun taslamasyny tassyklapdy. Munuň netijesinde Türkiýe tarapyndan nägilelik döräp, Ankara Pariže garşy sanksiýalary girizjekdigi bilen haýbat atypdy.

Prezident Nikolýa Sarkozi kanun proýektiň güýje girmegi üçin, oňa fewral aýynyň başlarynda gol goýjakdygyny mälim edipdi.

Türkiýäniň resmileri kanun proýektiniň Konstitusion geňeşe ýollanmagyny oňaýly garşyladylar.
XS
SM
MD
LG