Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýada “Greenpeace” aktiwistleri Daşky gurşaw ministrligine hüjüm etdiler


Rumyniýada “Greenpeace” guramasynyň aktiwistleri ýurduň Daşky gurşaw ministrliginiň edarasyna hüjüm etdiler. Muňa Transilwaniýa regionynda altyn çykarmak boýunça planlar sebäp boldy.

Tankytçylaryň aýtmagyna görä, Rosia Montana şäherinde altyn çykarmak boýunça alnyp baryljak işlerde ulanyljak himiki serişdeler daşky gurşawa zyýan ýetirer.

Altyn çykarmak boýunça planyň tarapdarlary bolsa, munuň netijesinde ýüzlerçe iş orunlarynyň dörejekdigini we daşary ýurt sermaýasynyň geljekdigini aýdýarlar.

Umumy bahasy 7,5 million dollara barabar bu proýekt esasan Kanadanyň eýeçiligindäki şirketler tarapyndan alnyp barylýar.

Rumyniýanyň daşky gurşaw ministri Laszlo Borbelynyň edarasyna sişenbe güni 20 töweregi rumyn we daşary ýurtly aktiwist hüjüm edipdi. Olaryn ikisi zynjyr bilen özüni ministriň otagyndaky radioatora baglady. Bäş sagatdan soň, olar asuda ýagdaýda binany terk etdiler.
XS
SM
MD
LG