Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawlary maslahatlaşdy


Sişenbe güni Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynda geljekki prezidentlik saýlawlarynyň guramaçylyk işlerine bagyşlanylyp, ýörite maslahat geçirildi.

Maslahata saýlaw komissiýasynyň resmileri bilen birlikde, türkmenistanly synçylar we žurnalistler hem-de GDA döwletlerine degişli synçylar missiýasynyň ştabynyň ýolbaşçysy gatnaşdy.

Bu maslahatda 12-nji fewraldaky prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmaly 2 million 987 müň 324 sany ses berijiniň sanawynyň düzülendigi yglan edildi.

Ýakynda ÝHHG guramasy Türkmenistanda geçiriljek bu saýlawlara özüniň gözegçilerini ibermejekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG