Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” gepleşikler baradaky maglumatlary ret edýär


Şu gün “Talyban” güýçleriniň sözçüsi Zabihullah Mujahid öz liderleriniň ýakyn wagtlarda prezident Hamid Karzaýyň administrasiýasy bilen gepleşik geçirjekdikleri baradaky maglumatlary ret etdi.

Bu barada ýaýradan beýanatynda ol edil häzirki wagt talybanlaryň Birleşen Ştatlar ýa-da onuň ýaranlary bilen gepleşiklere başlamak barada ylalaşyga gelmändiklerini mälim etdi.

Bu wakanyň öňýany, geçen hepde owgan hökümetiniň ýokary derejeli bir resmisi ýakyn wagtlarda “Talyban” liderleri bilen Saud Arabystanda gepleşik geçiriljekdigini yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG