Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak hökümeti tussaglykdaky aktiwisti goýberdi


Şu gün Gazagystanyň häkimiýetleri tussaglykdaky belli adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Ýewgeniý Žowtise günä geçişlik yglan etdi.

Ýewgeniý Žowtisiň özi hem şu gün Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly gürrüňdeşliginde özüniň geljek 15 günüň içinde azatlyga goýberiljekdigini tassyklady.

Gazagystandaky ynsan hukuklary boýunça halkara býuronyň ozalky başlygy Ýewgeniý Žowtis 2009-njy ýylda ýol-transport heläkçiligi bilen baglanyşykly tussag edilip, dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy köp aktiwistler onuň tussag edilmegini syýasy matlaba esaslanýan iş diýip atlandyryp, muny tankyt edip gelipdiler.
XS
SM
MD
LG