Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Siriýa baradaky täze rezolýusiýa garşy çykdy


Siriýadaky gandöküşikli wakalar boýunça öten agşam BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen maslahatda Orsýet Siriýa baradaky täze rezolýusiýanyň taslamasynyň kabul edilmegine garşy çykdy.

Arap Ligasy we Günbatar ýurtlary tarapyndan goldaw tapan bu rezolýusiýanyň taslamasy Siriýadaky konfliktleri çözmekde prezident Başar al-Assadyň wezipesinden gitmekligini-de şert edip goýýar.

Emma Orsýetiň Ýewropa Bileleşigindäki ýörite ilçisi Wladimir Çižow maslahatda eden çykyşynda Siriýadaky konfliktleriň özara gepleşikler arkaly çözülmelidigini aýdyp, rezolýusiýanyň taslamasynda-da şu prinsipiň şöhlelendirilmelidigini nygtady.
XS
SM
MD
LG