Sepleriň elýeterliligi

Londonda partlama etmek synanyşygynda aýyplanýanlar günälerini boýun aldylar


Londonyň maliýe biržasynda 2010-njy ýylda partlama amala aşyrmak synanyşygynda aýyplanýan dört adam şu gün Britaniýanyň sudunda öz günälerini boýun alyp çykyş etdiler.

Bu işde aýyplanýan Muhammed Çowdury, Şah Rahman, Gurukant Desai we Abdul Miah hakykatdanam özleriniň şeýle partlamany amala aşyrmak işini taýýarlandyklaryny tassykladylar.

Bu terrorçylyk planynda bu dört adamdan başga ýene bäş adama aýyplama bildirilýär. Britaniýanyň bu dokuz raýatyna garşy geljek hepde suduň höküm çakarmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG