Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada sowuk howa zerarly ýene 13 adam öldi


Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky ministrligi soňky iki günüň dowamynda çakdanaşa sowuk howa zerarly ýene 13 adamyň ölendigini mälim etdi. Şeýlelikde, bu ýurtda soňky günler sowukdan ölen adamlaryň jemi sany 43-e ýetdi.

Ukrainanyň käbir regionlarynda şu gün howanyň tempetaraturasynyň -33 C gradusa çenli pese düşendigi aýdylýar.

Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky ministrligiň maglumatyna görä, sowukdan ejir çeken adamlaryň 700-den gowragy keselhana düşüpdir.
XS
SM
MD
LG