Sepleriň elýeterliligi

Ekspert: häkimiýetler interneti çäklendirerden ejiz


nternet tehnologiýalary boýunça bilermen, “Türkmenistanyň Demokratik Graždan bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mämmedow

nternet tehnologiýalary boýunça bilermen, “Türkmenistanyň Demokratik Graždan bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mämmedow

Dünýäde internet howpsuzlygynyň halkara hepdeliginiň bellenmegi internetiň halkara güni bilen bagly. Şu ýyl bu sene 8-nji fewralda bellener.

Fewral aýynyň ikinji sişenbe güni bellenýän Internet howpsuzlygy senesi 2004-nji ýylda Ýewropa Komissiýasy tarapyndan esaslandyrylypdy.

Internetiň howpsuzlygynyň halkara hepdeligi bilen baglylykda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy Internet tehnologiýalary boýunça bilermen, “Türkmenistanyň Demokratik Graždan bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mämmedow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Şu günki gün internetiň ulanylyş derejesi gitdigiçe ýokarlanýar. Internetiň howpsuzlygy meselesine halkara derejesinde üns bermek näderejede ähmiýetli?

Wýaçeslaw Mämmedow: Internete halkara derejesinde maksimal üns berilmeli. Sebäbi häzirki wagtda internet adamzadyň ösüşindäki öňegidişlik bolmak bilen çäklenmän, ýurtlardaky hakyky durmuş barada habar berýän çeşme bolup hem hyzmat edýär.

Häzirki wagtda internetsiz hiç bir döwletiň ösüşini we umuman öňegidişligi göz öňüne getirmek kyn. Şol bir wagtda-da awtoritar döwletlerde häkimiýetler interneti ynsan hukuklaryny goraýjylara we graždan aktiwistlerine gözegçilik etmek üçin gural hökmünde hem ulanmaga çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen hökümeti internetiň ösüşine üns berýänligini resmi taýdan yglan edýär. Internetiň Türkmenistandaky ýagdaýyna nähili baha berýärsiňiz?

Wýaçeslaw Mämedow: Bu ýerde meselä iki tarapdan garamaly. Internetiň ösüşi diýlende türkmen häkimiýetleriniň görýän çäreleri we internetiň dünýä derejesindäki ösüşi arasyndaky tapawuda syn etmeli.

Siwilizlenen ýurduň nukdaýnazaryndan internetiň ösüşi onuň senzurasyz ulanylýangyny aňladýar. Türkmen häkimiýetleri bolsa interneti ösdürmekçidigini yglan edende, ýurtda internetiň ilat üçin elýeterliligini belli bir derejede artdyrýan hem bolsalar, dünýädäki elýeterli maglumat çeşmeleriniň Türkmenistanda hem elýeterli bolmagyny göz öňünde tutmaýarlar. Bu ilkinji nobatda ýurduň içerki ýagdaýy barada habar berýän alternatiw maglumatlara degişli.

Umuman aýdylanda, Türkmenistanda internetiň ösüşiniň häzirki gidişi diňe döwletiň rugsat berýän maglumat resurslarynyň ilat üçin elýeterli bolmagyny aňladýar.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen hökümetiniň interneti raýat jemgyýetçiligine gözegçilik etmek üçin ulanýanlygyny aýtdyňyz? Diýmek, internetiň ösüşi türkmen häkimiýetini hem gyzyklandyrýar?

Wýaçeslaw Mämmedow: Internet häkimiýetler üçin graždan jemgyýetçiliginde näme bolup geçýänligini we, umuman, ýurtda erkin pikir edýän näçe adamyň bardygyny anyklamaga mümkinçilikleriň biridir.

Häkimiýetler ösen internet tehnologiýalaryny raýatlaryň internetdäki garaşsyz habar çeşmelerine çykmak boýunça synanyşyklaryny hasaba alyp durýarlar we özüne loýal bolmadyk raýatlar boýunça maglumatlara eýe bolýarlar.

Azatlyk Radiosy: Internetiň ol ýa beýleki ýurtdaky ýagdaýy diňe bir syýasata baglymy? Ýurduň tehnologik mümkinçilikleri internetiň ýagdaýyna täsir ýetirmeýärmi?

Wýaçeslaw Mämmedow: Internet häzirki wagtda güýçli syýasy gural bolup hyzmat edýär. Arap ýurtlaryndaky rewolýusiýalary alyp görsek, internet awtoritar režimlere garşy göreşde jemgyýeti birikdiriji güýç hökmünde ulanyldy. Türkmen häkimiýetleri hem muny gowy bilýärler, şonuň üçin olar interneti tehniki taýdan ösdürmek boýunça käbir ädimleri ätseler-de, täze tehnologiýalary esasan internete gözegçilik etmek üçin ulanýarlar.

Başga bir tarapdan Türkmenistanda ösen tehnologiýalar taýdan hem kynçylyklar bar. Ýurt öz milli kadrlaryny ýetişdirmeýär. Ýurt daşary ýurtly şirketleri çagyrmakda hem kynçylyk çekýäne meňzeýär. Sebäbi türkmen hökümeti bilen işleşýän her bir şirket öz öňünde goýlan şertlere razy bolmaly. Bize mälim bolşuna görä, meselem, Türkmenistanda işlän MTS türkmen hökümetiniň talabyna boýun bolup, oppozision internet saýtlaryny açýan her bir abunasynyň hasabyny ýatyrmak bilen meşgullanypdy. Meniň pikirimçe, abraýly kompaniýalar şeýle talaplara boýun bolmaz, sebäbi biznesde mertebe diýen düşünje hem bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň häzirki şertlerinde internetden maglumat alyşmak üçin nähili peýdalanyp bolýar?

Wýaçeslaw Mämmedow: Abadanda partlamalar bolanda bize gowşan maglumatlar, internet ulanyjylaryň islendik ýagdaýda maglumat ýollamak üçin mümkinçilik tapmaga ukyplydygyny görkezdi. Meniň pikirimçe, öňegidişligi saklap bolmaýar. Häkimiýetleriň interneti çäklendirmek boýunça synanyşyklary öz halkyna garşy soňy bolmadyk göreşe getirer. Sebäbi şu günki gün täze resurslaryň döreýşiniň tizliginde häkimiýetler olary ýapyp ýetişerden ejiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG