Sepleriň elýeterliligi

Eýranda “Facebook” saýtyndaky toparyň dolandyryjylary tussag edildi


Soňky wagtlar Eýranda raýatlaryň internetdäki hereketlerine edilýän gözegçilik güýçlendirildi.

Soňky wagtlar Eýranda raýatlaryň internetdäki hereketlerine edilýän gözegçilik güýçlendirildi.

Eýranyň internet polisiýasy “Facebook” topary “Daaf we Paafyň” administratorlaryny tussag edendigini aýdýar. Bu topar internet arkaly gözellik bäsleşigini ýola goýupdyr.

Eýranyň internet polisiýasynyň ýolbaşçysy Kamal Hadian bu habary 30-njy ýanwarda Tähranda geçirilen metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Ol güýç ulanyjy organlaryň bu topary “ýok edendigini” aýdyp, topary korrupsiýa meçew bermekde we ahlaksyzlyga sebäp bolmakda aýyplady.

Şeýle hem internet polisiýasy topara administratorlyk eden iki erkek adamyň we iki zenanyň öz günälerini boýun alandyklaryny bu toparyň “Facebook” saýtyndaky diwarynda ýazdy.

“Allanyň ady bilen habar berýäris, “Daaf we Paaf” indi internet polisiýasynyň kontrollygynda” diýip, ol ýazgyda aýdylýar. “Bu toparyň esasy dört dolandyryjysy anyklanyldy, olar adamlara internet arkaly ahlaksyz materiallara ulanmaga itergi bermekde aýyplanyp, tussag edildi”.

Internet polisiýasynyň ýazgysynyň aşagyndan ençeme ulanyjylar teswir ýazyp, bu çäräni ýazgardylar, kä ýerlerde agyr sözleri ulandylar.

“Siz…ýaşlaryň köçede şadyýan bolmak hukuklaryny ellerinden aldyňyz. Olaryň hemmesi öýlerinde oturyp, gije-gündiz internetde hoş wagt geçirýärler. Indi size bu hem azar berip başladymy?” diýip, bir ulanyjy ýazýar.

Beýlekiler bolsa “Ýok bolsun Hameneýi! Ýok bolsun diktator!” diýip, Eýranyň ýokary ruhany liderini nyşana aldylar.

Bu “Facebook” topary özüniň 27,000 muşdagyna iň özüne çekiji erkegi we zenany saýlamak boýunça bäsleşige gatnaşmak üçin özleriniň suratlaryny ibermäge çagyryş edipdi.

Bu toparyň diwary eýranly ýaş oglanlaryň we gyzlaryň suratlaryndan dolupdyr. Olar özleriniň diňe atlaryny ýazýarlar. Häzir öz suratlaryny iberenleriň hem jezalandyrylmagyndan gorky edilýär.

Soňky wagtlar Eýranda raýatlaryň internetdäki hereketlerine edilýän gözegçilik güýçlendirildi.

Ýanwar aýynyň başynda internet kafelere degişli täze çäklendirmeler yglan edildi, ol ýerlerde howpsuzlyk kameralary oturdyldy, müşderileriň şahsy maglumatlary ýygnalyp başlandy. Müşderileriň köpüsi bolsa ýaşlar.

Geçen ýyl Eýranda azyndan iki adam özleriniň “Facebook” hasaplarynda ýazan ýazgylary üçin tussag edilipdi.

“Facebook” eýranlylaryň arasynda iň meşhur sosial aragatnaşyk saýtlarynyň biri, emma ulanyjylar bu saýta antifilter enjamlary arkaly girýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG