Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň ýadrosy boýunça gepleşikleriň ikinji tapgyry geçiriler


Halkara atom energiýasy gullugy Eýranyň dawaly ýadro programmasy boýunça Tähranda gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň geçiriljekdigini mälim etdi.

Halkara atom energiýasy gullugyndan ýokary derejeli delegasiýa Eýrana üç gün sapar edensoň, ol çarşenbe güni Tährany terk edipdi.

Gullugyň ýaýradan beýanatyna görä, gepleşikleriň indiki tapgyry 21-22-nji fewral aralygynda geçiriler.

Halkara atom energiýasy gullugy saparyň netijlerine juda sepesaplylyk bilen oňyn baha berdi. Ýöne Eýranyň ýadro programmasy boýunça bar bolan dartgynlylygy gowşatmak üçin, entek edilmeli köp işleriň bardygyny hem agentlik belläp geçdi.
XS
SM
MD
LG