Sepleriň elýeterliligi

Atambaýew ABŞ-a Manasy ulanmagyň tamamlanýan möhletini ýatlatdy


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew ABŞ-nyň ýurtdaky ilçisi Pamela Spratlene ýüzlenip, Bişkegiň etegindäki Manas aeroportuny ulanmak möhletiniň 2014-nji ýylda tamamlanýandygyny ýatlatdy. Bu barada Gyrgyzystanyň prezident edarasynyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Mundan ozal onlarça adam Amerikanyň harbylarynyň Gyrgyzystanyň territoriýalarynda bolmagyna garşy ABŞ-nyň Bişkekdäki ilçihanasynyň öňünde üç günläp demonstrasiýa geçiripdi.

Manas aeroporty 2001-nji ýyldan bäri Owganystana esgerleri daşamak üçin Amerika tarapyndan peýdalanylyp gelinýär.
XS
SM
MD
LG