Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýada 11 sany eýranly zyýaratçy ogurlanypdyr


Siriýada 11 sany eýranly zyýaratçynyň ogurlanandygy habar berilýär.

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň maglumatyna görä, geçen dekabrdan bäri Siriýada 29 sany eýranly ogurlanypdyr.

Eýranyň Damaskdaky ilçihanasynyň konsulynyň maglumatyna laýyklykda, eýranly zyýaratçylar Hama şäheriniň töwereklerinde ogurlanypdyr. Abdolmahjid Kamjownyň sözlerine görä, “ýaragly adamlar zyýaratçylary ogurlap, Eýranyň Siriýa harbylary ugradýandygy baradaky pikiri döretjek bolýarlar”.

Eýran Siriýanyň ýakyn ýaranlarynyň biridir. Siriýanyň oppozisiýasy ýurtdaky protestleri basyp ýatyrmaga Tähranyň hemaýat edýändigini öňe sürýär.

“Siriýanyň azat harbylary” atly söweşiji topary geçen anna gününde Homs şäherinde eýranly bäş harby ofiseri tutandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG