Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Özbegistanyň garşysyna girizen gadagançylygyny wagtlaýynça ýatyrdy


Wiktoriýa Nuland ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň geçen ýylyň oktýabr aýynda Özbegistana eden saparynyň dowamynda Yslam Karimow bilen duşuşyp, adam hukuklary meselesini gozgandygyny belledi.
Wiktoriýa Nuland ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň geçen ýylyň oktýabr aýynda Özbegistana eden saparynyň dowamynda Yslam Karimow bilen duşuşyp, adam hukuklary meselesini gozgandygyny belledi.
1-nji fewralda belli bolşuna görä, ABŞ şu ýylyň 18-nji ýanwaryndan başlap, Özbegistany harby enjamlar bilen üpjün etmek baradaky ozal girizen gadagançylygyny wagtlaýynça ýatyrdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň öz Owganystandaky goşunlarynyň üpjünçiligini Özbegistanyň üsti bilen alyp barmak zerurlygynyň ýüze çykmagy bilen düşündirilýär.

Bu gadagançylyk Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlygy bilen bagly 2003-nji ýylda girizilipdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland 2003-nji ýylda adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen bagly Özbegistanyň garşysyna girizilen gadagançylygyň 18-nji ýanwardan başlap wagtlaýyn ýatyrylandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu hereket ABŞ-nyň milli bähbitleri üçin zerur:

—ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň, ABŞ-nyň bähbitlerini göz öňünde tutup, hususan-da, Owganystanaky harby goşunlarymyza ýardam bermek üçin, Özbegistana garşy girizilen käbir gadagançylygy wagtlaýyn ýatyrmaga ygtyýary bar. Şu gezek hem şeýle edildi.

Şeýle hem ol bu gadagançylygyň ýatyrylmagy bilen Özbegistanyň esasan gijelikde garaňkyda ulanylýan dürbi we ugur görkeziji enjamlar bilen üpjün ediljekdigini, bu enjamlaryň Owganystandaky ýaranlyk güýçlerine zerur bolan ýuki has howpsuz ýol bilen aşyrmaga ýardam berjekdigini nygtady.

Özbegistanda adam hukuklary bilen bagly ýagdaý barada durup geçip, Wiktoriýa Nuland Hillari Klintonyň geçen ýylyň oktýabr aýynda Özbegistana eden saparynyň dowamynda Yslam Karimow bilen duşuşyp, adam hukuklary meselesini gozgandygyny belledi.

Adam hukuklary

Wiktoriýa Nuland Hillari Klintonyň Özbegistana saparynyň dowamynda, Waşingtony alada goýýan aýratyn şahslaryň yzarlanmagy barada Birleşen Ştatalaryň adam hukuklarynyň berjaý edilmeginiň tarapdarydygy, şol sebäpli hem Daşkendiň reforma geçirmegine özleriniň umyt edýandigi barada özbek prezidentine aýdandygyny mälim etdi:

—Bu meseleler barada berk gürrüň etmekden hiç kim çekinmeýär. Ýöne bu meselelerden başga özbek tarapy bilen biziň gatnaşyklarymyzda goramaly beýleki meselelerimizdir bähbitlerimiz hem bar.

Adam hukuklary boýunça halkara “Human Rights Watch” guramasy soňky ýaýradan hasabatynda Özbegistanda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýa “juda ýaramaz” diýip baha berdi.

Özbegistany harby enjamlar bilen üpjün etmek baradaky girizilen gadagançylyk 2013-nji ýylda gaýtadan dikeldiler diýlip garaşylýar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda NATO-nyň howa hüjümi netijesinde tötänlikde 20 pakistan esgeri öldürilensoň, ABŞ-nyň Owganystandaky goşunlaryna zerur ýükleri daşaýan ýoly petiklendi. Häzir bolsa Owganystandaky esgerleriniň üpjünçiligi barada alada edip, ABŞ özbek häkimiýetleri bilen has ýakyn gatnaşygy ýola goýmaga mejbur boldy.

2014-nji ýylda NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň Owganystandan çykarylmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG