Sepleriň elýeterliligi

GDA-nyň gözegçileriniň wezipesi nämelerden ybarat?


Türkmenistanda 2-nji fewralda saýlawlar gününden öňki ses berişlik başlandy. Bu çäre prezident saýlawlary boýunça resmi saýlaw güni bolan 12-nji fewralda ses berip bilmejek saýlawçylar üçin geçirilýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň gözegçileri Türkmenistandaky saýlawlara syn edýän ýeke-täk halkara synçylar toparydyr. 25-nji ýanwarda Aşgabatda GDA-nyň saýlawlara syn etmek boýunça gözegçiler missiýasynyň ştaby hem döredildi.

GDA guramasy Türkmenistandaky saýlaw kampaniýasynyň gidişine nähili garaýar? Azatlyk Radiosy GDA-nyň Türkmenistandaky gözegçiler missiýasynyň başlygy Ýewgeniý Sloboda bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi Gözel Hudaýberdiýew geçirdi.

Azatlyk Radiosy: GDA guramasynyň gözegçileriniň wezipesi nämeden ybarat we olar Türkmenistanda häzir nähili işleri alyp barýarlar?

GDA-nyň Türkmenistandaky gözegçiler missiýasynyň başlygy Ýewgeniý Sloboda

GDA-nyň Türkmenistandaky gözegçiler missiýasynyň başlygy Ýewgeniý Sloboda

Ýewgeniý Sloboda: Türkmenistanyň çakylygy boýunça ýurda gelen GDA-nyň gözegçiler missiýasy prezident saýlawlary boýunça kampaniýanyň gidişine 25-nji ýanwardan bäri syn edip gelýärler. Missiýamyzyň düzüminde 62 gözegçi akkreditasiýa edildi. Biziň aramyzda GDA-nyň Moldowadan we Türkmenistandan başga ähli agza döwletleriniň wekilleri bar. Missiýamyzyň maksady azat we demokratik saýlawlaryň geçirilmegine ýardam bermekden ybarat.

Häzirki wagtda gözegçilerimiz uçastoklardaky saýlaw komissiýalarynyň işine syn edýärler. Biz ses berijileriň sanawlaryny takyklamak boýunça barlaglaryň geçirilişini hem gördük. Agitasiýa işleriniň gidişine syn edýäris. Prezidentlige dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen duşuşýarys. Şeýle-de GDA-nyň gözegçileriniň Türkmenistanyň regionlarynda saýlawlardan öň we saýlaw güni alyp barjak işlerini kesgitleýäris.

Azatlyk Radiosy: Saýlawlara görülýän taýýarlyklara siz nähili baha berýärsiňiz?

Ýewgeniý Sloboda: Men, umuman, biziň gören uçastoklarymyzyň saýlawlaryň geçirilmegi üçin tehniki taýdan taýýardygyny aýdyp biljek.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidentiniň wezipesine dalaş edýänleriň arasyndaky bäsdeşlige nähili baha berýärsiňiz?

Ýewgeniý Sloboda: Şu günki gün ähli dalaşgärler üçin olaryň agitasion kampaniýasyny geçirmeklerine deň şertler döredildi.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý Aleksandrowiç, siz saýlawlaryň gidişine GDA tarapyndan 62 gözegçiniň syn etjegini aýtdyňyz. Türkmenistanda saýlaw uçastoklarynyň sany bolsa 2,300-den gowrak. Şeýle ýagdaýda GDA-nyň gözegçileri saýlawlaryň geçirilişine syn etmäge näderejede ukyply bolarlar?

Ýewgeniý Sloboda: Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna barmak planlarymyz bar. Biz saýlaw uçastoklaryny gözden geçirmekçi. Elbetde, biz ähli salaw uçastoklaryna baryp bilmeris, emma biz mümkin boldugyndan köpüsini görjek bolarys. Olaryň näçesine baryp biljegimizi men edil häzir aýtmaga taýýar däl. Bu 500-600 uçastok töwereginde bolup biler. Emma ähli welaýatlara baryp görenimizden soň, bizde saýlawlaryň tutuş Türkmenistan boýunça geçirilişi barada umumy garaýyş dörär we şeýdip, netijä gelner.

Azatlyk Radiosy: GDA-nyň gözegçileriniň çykaran netijeleri haçan yglan ediler?

Ýewgeniý Sloboda: Netijeler 13-nji fewralda boljak metbugat konferensiýasynda yglan ediler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlary 12-nji fewralda ýurduň daşynda hem geçiriler. Resmi maglumatlara görä, daşary ýurtlarda 29 sany saýlaw uçastogy işlär. Ol ýerde saýlawlaryň geçirilişine nähili gözegçilik ediler?

Ýewgeniý Sloboda: Biz saýlawlaryň giçirilişine daşary ýurtlarda däl, diňe Türkmenistanyň öz içinde syn ederis.
XS
SM
MD
LG